Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bedenterbiýe we sport bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda etrap sport mekdebinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýaşlara düşündirmek maksady bilen etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda etrabyň birinjiligini almaklyk ugrunda sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi.
Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçmek bilen okuwçy gyzjagazlar öz aralarynda ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde bäsleşdiler. Bäsleşigiň ahyrynda 9-njy orta mekdebiň gyzlar topary 1-nji orun, 2-nji orny 1-nji orta mekdebiň gyzlar topary eýeläp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bagtyýar MATDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.