Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy şäher Çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň döredijilik işjeňliklerini artdyrmak, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahat ýurdumyzda enelerimiziň, türkmen zenanlarymyzyň waspy» atly surat çekmek bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşleriň hödürlän işlerinde parahatçylyga beslenýän ajaýyp ýurdumyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň waspy aýdyň şöhlelendirilýär. Bäsleşige hödürlenen işleriň ählisi eminler topary tarapyndan seljerilip, olaryň arasyndan has tapawutlanan işler saýlanyldy. Olardan takyk ugruna ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kämil Ýagşymämmedow 1-nji orna, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Aýzada Durdyýewa 2-nji orna şeýle-de 11-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Arzygül Sumbarowa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde tapawutlanan ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandyryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlarymyza okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýtdylar!
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.