Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap hassahanasy, etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda 9-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda täze 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzy Watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ahlak taýdan arassa, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalaryndan ugur alyp, daşary ýurtlara okamaga we işlemäge gidýän orta mekdeplerde okaýan ýokary synp mekdep okuwçylaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň başynda çykyş edenler Türkmenistan özbaşdaklyk ýoluna düşen gününden bäri geçen gysga taryhy döwürde ýer ýüzüniň ösüp barýan ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýändigini, 2004-nji ýyldan başlap türkmen raýatlarynyň ýurduň döwlet serhedinden giriş-çykyşyny hasaba almak, boýunça ýörite gulluklaryň döredilendigini, Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukugy bardygyny, daşary döwletlere gidilende we daşary döwletlerden Türkmenistana gelinende kanunçylygymyzda bellenilen tertipde amala aşyrmaga her bir raýat borçlydygyny, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda okamaga we zähmet işini amala aşyrmaga doly hukugynyň bardygyny, muňa garamazdan “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň talaplaryny pugta berjaý etmelidigi barada giň gerimli çykyşlara uly orun berildi.
Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda edýän ähli aladalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlary aýtdylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.