Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesi, Gumdag şäherçesiniň 6-njy sport mekdebi bilen bilelikde sport mekdeplerinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Belent maksatly ýaşlar» ady bilen sportyň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşyň dowamynda Türkmen sportuny ösdürmekde, ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Sähragül ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.