AÝDYM-SAZLY SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda, Balkan welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi binasynda» Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleri bolan çagalaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk çagalaryň sesi» atly şygar bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygyň dowamynda çykyş eden çagajyklar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp öz gazanan üstünlikleri dogrusynda giňişleýin aýdyp berdiler. Şeýle-de ýylymyzy, ýurdumyzy we Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlara orun berildi.   

Dabarynyň ahyrynda çagajyklar öz sözleriniň ahyrlarynda okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýtdylar.

 

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar