Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda 19-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen «Ýaş nesliň aladasy-ak ertirleriň badalgasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmekleri dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýaş nesil barada edýän çäksiz aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Güljemal AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Bereket etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.