IŇLIS DILI BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, şäher bilim bölümi we «Dana» bilim merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, dürli ugurlar boýunça tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar iňlis dili dersi boýunça öz zehin başarnyklaryny görkezip çekeleşikli bäsleşdiler. Soňra bäsleşikde tapawutlanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we «Dana» bilim merkezi tarapyndan hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eşretli zamanada, ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar