Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Esenguly etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda etrap aragatnaşyk ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ahlak taýdan arassa, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalaryndan ugur alyp, daşary ýurtlara okamaga we işlemäge gidýän raýatlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarynda döredilýän mümkinçilikleriň sanardan köpdigini, telekeçilik pudagynda hem ýaşlaryň bitirýän hyzmaty has-da ýokary derejelere mynasypdygyny, ýaş telekeçileri döwletimiz goldamak bilen, häzirki wagtda dünýä döwletlerinde öndürilýän önümleri ýurdumyza getirip, ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazaryna çykarmakda ýaşlaryň paýy ýokary bolup durýandygyny, daşary döwletlere gidenlerinde we ondan ýurdymyza gelenlerinde tertip düzgüni kanuna laýyk berjaý etmelidigini, daşary döwletlerde bolan wagtlarynda, şol döwletiň kanuny berjaý edip, adam pidasyna getirýän işlerden daşda durmaklygy ýaşlara giňişleýin düşündirildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň işgärler işi boýunça esasy hünärmeni.