Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Mary welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan mertebesi belent tutulýar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, ata Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyzy, dilleri senaly enelerimizi, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyzy baýramçylyk bilen gutladylar. Şeýle-de, dabarada Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde täsirli çykyşlara tomaşa edildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada ýaňlanan ajaýyp aýdymlar hemmelere ruhy lezzet paýlady.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.
Akjeren ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.