ASUDA DIÝARYMYZYŇ ŞADYÝANJA GYZLARY BIZ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrapdaky 37-nji orta mekdebiň 3 – 5-nji synplarynda okaýan gyzjagazlaryň arasynda «Asuda Diýarymyzyň şadyýanja gyzlary biz» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar ata Watanymyzy, halkymyzy, enelerimizi, bagtyýar çagalygy wasp etýän suratlary çekmek boýunça bäsleşdiler.

Şadyýan çagalaryň çeken suratlary özboluşly many berip, olaryň her biri uly baha eýe boldy. Emin agzalarynyň çekilen suratlara has içginlik bilen adalatly baha bermeginde suratkeş gyzjagazlaryň zehinlisi öňe saýlandy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan we oňa gatnaşan gyzjagazlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Zylyha BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Mart 2025 | 36 okalan

MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM

11 Mart 2025 | 38 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI