Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäherindäki 5-nji orta mekdepde bilim alýan okuwçylaryň arasynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ýaşlarymyza milli mirasymyzy dowam etdirmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen «Medeni mirasym – müdimi mirasym» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Geldimyradowa hem-de 5-nji orta mekdebiň mugallymy çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary esasynda Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriň hatarynda barýandygy, döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler dünýäniň halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köp görnüşli ugurlarynyň peýda bolmagyna, milletimiziň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam edýändigi barada aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli mirasyny öwrenip, halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Maksatgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň
uly buhgalteri.