Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Tejen etrap merkezindäki Toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Bitarap döwletim ajap görkana, zenanlarymyz zähmet çekýär erkana!» diýlip atlandyryldy.
Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna gelin-gyzlar, kümüş saçly eneler hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdy. Etrabymyzyň Medeniýet öýüniň bagşydyr sazandalary şowhunly aýdymdyr sazlary, halk döredijilik toparlary öz tanslary, wäşileri degişme sahnalary bilen dabara gatnaşyjylaryň göwünlerini has-da belende göterdiler.
Dabara gatnaşanlar zenanlarymyza uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwladylar.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.