Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň 2-4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi.
Şadyýan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etraplardan öňe saýlanan enaýyja gyzjagazlar gatnaşyp, özleriniň joşgunly çykyşlary bilen toý ruhunda bezelen owadan sahnada ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Okuwçy gyzjagazlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan söýgüsini, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş-hoşallyklaryny, ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy şirin owazly aýdym-sazlarynda wasp etdiler, şeýle-de türkmen milli lybaslaryny mahabatlandyrmakda, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Çagalaryň sungat baýramçylygyna öwrülen şadyýan bäsleşigiň emin agzalary çykyşlaryň her birine mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyrynda Tejen etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gülnäz Şamyradowa birinji, Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Gülnäz Kemalowa ikinji orna mynasyp bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlary, oňa gatnaşan beýleki gyzjagazlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Mesgengylyç NURGYLYJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.