NOWRUZ — DOSTLUGYŇ WE JEBISLIGIŇ BAÝRAMY

Nowruz baýramy Gündogar halklarynyň mukaddes baýramydyr. Ata-babalarymyz ynsan kalbynda we ruhy dünýäsinde ajaýyp özgerişleri döredip gelen bu baýrama aýratyn uly ähmiýet beripdirler hem-de täze ýylyň başlanmagy hökmünde belläpdirler. Bu baýram halklary birek-birege has ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Şoňa görä-de, täze taryhy döwrümizde Nowruz baýramy Watanymyzyň şöhratly senenamasynda täze mazmuna, täze ruha, täze röwüşe eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz baýramy köp asyrlaryň dowamynda dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda müdimi orun alyp, myhmansöýerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň belent ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär we bütin dünýäde dostluga hem-de ylalaşyga çagyrýar.

Nowruz baýramynyň Gündogar döwletleriniň onlarçasynda giňden bellenilip geçilýändigi nazara alnyp, bu baýramyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna» girizilendigini, munuň özi bolsa, bu şatlykly senäniň  Halkara Nowruz gününe öwrülmegine esas bolandygyny bellemek has-da ýakymly.

Dünýäde parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dostlugyň baýramy hökmünde ykrar edilen Halkara Nowruz güni eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy bilen utgaşykly toýlanyp, toý günleri milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz berjaý edilýär. Parahatçylyga, dostluga, deňlige, hoşniýetli goňşuçylyga, abadançylyga we ösüşe daýanýan bu senäni ýurdumyzda şatlyk-şagalaňly bellemäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza  çäksiz alkyş aýdýarys.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar