Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan duşuşyga etrabyň saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlar işjeň gatnaşyp, täsirli çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Berkarar Watanymyzy gurşap alan ösüş-özgertmeler, ýurdumyzda ykdysadyýetde, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler hakdaky söhbet çykyşlaryň özüni doly. Çykyş edenler şu ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan belleniljekdigini, şu mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini uly buýsanç bilen bellediler.
Duşuşyga gatnaşanlar hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy, ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda ajaýyp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.