Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkan welaýat Kitaphanasynda ýaş nesilleri kitaphanalara işjeň çekmek, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Kitap-ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly şygar astynda duşuşyk çäresi geçirildi.
Geçirilen çärede eziz diýarymyzyň bagtyýar geljegini ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri, ylym-bilime höweslenmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýurdumyzda gyzyldan gymmatly kitaplara we bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler we çäräniň dowamynda ýaşlara kitaphana gaznasynda bar bolan edebiýatlar, kitaplar barada giňişleýin maglumatlar berdiler.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar ylmy - bilimleri özleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Orazgül AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.