PASPORT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we Balkanabat şäher Polisiýa bölüminiň raýatlary pasportlaşdyrmak we hasaba alyş bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda 16 ýaşa ýeten ýaş raýatlara pasportlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Çärä Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan 16 ýaşyny dolduryp, pasportyny alýan okuwçy ýaşlar gatnaşdy. Çärede çykyş edenler pederlerimiziň pentleriniň durşy bilen pähim-paýhasa, terbiýä ýugrulandygyny, ene süýdi ýaly päk terbiýe alan ýaşlarymyzyň Watanymyzyň geljegidigini nygtap, pasportlaryny alan ýaşlara gutlag sözlerini aýtdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşykda röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, boş wagtlaryny netijeli geçirmegi, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň berkidilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sportuň giňden wagyz edilmegi ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Şadurdy GOWŞAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat

şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Mart 2025 | 0 okalan

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYK MEKANY

17 Mart 2025 | 0 okalan

PASPORT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

15 Mart 2025 | 77 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY