TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYK MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkan welaýat Kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda giňden dabaralanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan-parahatçylyk mekany» atly şygar astynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Geçirilen çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny, täze taryhy döwürde amala aşyrylýan beýik maksat-tutumlar, ýurdumyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk ýörelgeleri barada buýsanç bilen gürrüň berip, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda ýaşlary, ýurdumyzy mundan beýläk-de has hem ösdürmäge, durmuşa geçirilýän ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmagyna mynasyp goşantlary goşmaga çagyrdylar.

Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Baýramgül ESENOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit»

döwlet konserniniň şahamçasynyň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Mart 2025 | 0 okalan

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYK MEKANY

17 Mart 2025 | 0 okalan

PASPORT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

15 Mart 2025 | 77 okalan

KITAP-ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY