EDEP-TERBIÝE ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda 20-nji orta mekdebinde millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen “Edep-terbiýe üstünligiň açary” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändigi we ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýandygy dogrusynda söhbet etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler tarapyndan ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly-bilimli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Gyzlargül GURBANALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 3 okalan

MAŞGALA – EDEP TERBIÝE MEKDEBIDIR

18 Mart 2025 | 4 okalan

MÄHREM ENÄŇ MÄHRI SIŇEN MIRASY

18 Mart 2025 | 3 okalan

EDEP-TERBIÝE ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY