Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda medeniýet merkeziniň girelge zalynda ene-mamalarymyzyň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlarda ornaşdyrmak «Gyzly öý – gyzylly öý», «Gyz edebi–il edebi», «Gyz edebi sandykda» ýaly nakyllardan ugur alyp, gelin-gyzlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilen el işlerini ýaş nesillerimize öwretmek maksady bilen «Eneleriň göreldesi–nesilleriň ýörelgesi» ady bilen milli el işleriniň sergisi guraldy.
Sergide türkmen zenanlarymyzyň dünýa nusgalyk el işleri sergä ajaýyp şugla saçmak bilen, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesini, gylyk-häsiýetini özünde jemlemek bilen, dili şeker, eli çeper ene-mamalarymyzyň deňsiz-taýsyz, dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan özleriniň irginsiz zähmetini siňdirip, sünnäläp döreden ajaýyp el işleriniň sergisi oňa gatnaşyjylarda inçe duýgularyna içgin täsir edip, olaryň kalbyny hasam joşdurdy we bu inçe sungata söýgüni artdyrdy. Ýaşlarda bolsa, bu mukaddes el hünärini ele almaklyk höwesini döretdi, owadan el işlerimizi ýerine ýetirmek ukyplaryny ösdürmeklige, başarnyklaryny berkitmeklige itergi boldy. Ene-mamalarymyzyň şeýle nepis, gudratly sungaty döredip bilendiklerine we şu güne çenli dowam edip gelendiklerine buýsanjyny artdyrdy.
Serginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ene-mamalarymyzdan bize miras galan milliligimizi dowam etdirmek üçin giň ýollary açyp berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler!
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň işgärler işi boýunça
esasy hünärmeni.