MAŞGALA – EDEP TERBIÝE MEKDEBIDIR

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda 5-nji orta mekdebinde, mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Maşgala – edep terbiýe mekdebidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýen sözlerinden ugur alyp geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ruhy taýdan sagdyn ösmegini, ahlakly, edepli häsiýetleriň berkemegini gazanmak, şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup, ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek ýurdumyzda öňde goýulýan esasy maksatlaryň biridir diýip nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda gatnaşanlar ýaşlary watansöýüji, sagdyn ruhda terbiýelemek maksatly, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden minnetdarlyklaryny bildirip, hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Mukam ÇÜRIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 3 okalan

MAŞGALA – EDEP TERBIÝE MEKDEBIDIR

18 Mart 2025 | 4 okalan

MÄHREM ENÄŇ MÄHRI SIŇEN MIRASY

18 Mart 2025 | 3 okalan

EDEP-TERBIÝE ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY