Oba hojalygy döwletimiziň içeri syýasatynda ösüşiň aýdyň ýolunda barýan möhüm ugurlaryň biridir. Ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin dolanyşygyny girizmek arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek wezipesi derwaýys wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisinde kabul eden taryhy çözgütleri bu pudagyň ösüşini has-da ilerletmekde möhüm ädim boldy. Şunda oba hojalyk maksatly dörediljek ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, ýuridiki şahslara, raýatlara 99 ýyla çenli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini, olaryň sürümli ekerançylykda peýdalanylýan we ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa, ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere peýdalanmaga bermek baradaky möhüm çözgütler öz aýdyň beýanyny tapýar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgýýetlerine, oba hojalýk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridiki şahslara oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlary bermäge mümkinçilikler döredildi.
Şunuň ýaly beýik özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgamyň diňe bir maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilmän, kanunçylyk binýady hem toplumlaýyn kämilleşdirilýär. “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini we mallaryň seleksiýasyny, weterinar hyzmatlarynyň ulgamyny ösdürmek, kesellerden goralmagyny üpjün etmek hem-de täze ýerleri özleşdirmek we suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri geçirmek döwlet goldawynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenilýär. Bu bolsa, daýhanlarymyza bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almakda kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär.
Jahan MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.