SANLY YKDYSADYÝET

Şu günki döwrümizi tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mükin däl. Biz muňa durmuşy zerurlyklarymyzda hem magat göz ýetirýäris. “Innowasiýa” sözüniň biz durmuşy düşünjelerimize esaslansak, “ösüş, özgeriş” manysyny berýändigi welin anyk hakykat. Sebäbi häzirki wagtda her birimiziň durmuşymyzda innowasiýalaryň gazanylanlary ornaşyp, barha kämilleşýär.

Sanly ykdysadyýet adalgasyny bolsa, elektron ykdysady durmuş düşünjesi bilen baglanyşdyrsak maksadalaýyk bolar. Sebäbi ýokary tizlikli internet, el telefonlary üçin amatly töleg programmalarynyň elýeterli edilmegi, eýsem durmuşymyzda giňden orun alan elektron gurşaw dälmi?

Bu gurşawyň baş şygary bolsa amatlylyk, çeýelik we öňdebaryjylykdyr.

Elektron ykdysady gurşawyň biziň her birimiziň dünýägaraýşymyzyň giňemegindäki, jemgyýetiň aňynyň ösmegindäki ornuny aýratyn bellemelidiris.

2018-nji ýylyň noýabrynda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Baş maksat ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmak, obalary we şäherleri sanly maglumat taýdan doly üpjün etmek, wirtual ykdysady ulgamy döretmek bolup durýar. Sanly gurşawyň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen içerki önüm has-da artýar. Dünýäniň ösen döwletlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça gazanylan tejribelere salgylansak, ýurduň ykdysadyýetine sanly tehnologiýalaryň girip gelmegi üçin gönükdirilýän maýa goýumlar köp boldugyça, şonça-da jan başyna düşýän jemi içerki önüm has-da artýar.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy we sanly hyzmatlaryň geriminiň giňemegi, ilatyň islegleriniň barha artýan şertlerinde ýeňillikli ulgamlaryň döredilmegi ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hyzmat edýär. Täze iş orunlaryny döretmekdäki hyzmaty bolsa, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Jahan MIRABOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar