Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys!», «Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys!» diýip bellemeginiň gözbaşynda bu gün ýaşlara örän uly ynam bildirilýär.
Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryny Watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmäge giň şertler hem-de mümkinçilikler bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar üçin geljege nur saçýan, beýik işlere hyjuw döredýän ajaýyp zamanadyr.
Biz — ruhubelent ýaşlar şu bagtyýar günlerde özümiz hakdaky aladany her bir ädimde duýýarys, durmuş ýüzünde amala aşyrylýan işleriň mysalynda görýäris. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýän işler hem ýurdumyzda ýaşlara aýratyn üns berilýändiginiň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby-da ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän bimöçber aladanyň aýdyň beýanydyr.
Bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşamagymyz, beýik işlere goşant goşmagymyz, döretmegimiz üçin ähli şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.