Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çäginde welaýatda gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we etrap Geňeşleriniň wekilleri hem işjeňlikde gatnaşdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyz boýunça 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirmek we şol ýerden 280 müň tonna hasyl almak maksat edilýär. Şoňa görä-de, welaýatymyzda möhüm oba hojalyk möwsümine ykjam taýýarlyklar bilen girişildi. Dabaranyň geçýän ýerinde tanymal aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, agrosenagat toplumynyň gazanan üstünliklerini, çarwa durmuşyny açyp görkezýän sergilere, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine giň orun berildi.
Dili senaly ýaşulularyň «Bismilla» bilen topraga gowaça tohumyny sepmegi dabaranyň ýatda galyjy pursatyna öwrüldi. Şol ajaýyp pursatdan soňra, kämil tehnologiýaly ekiji tehnikalaryň hem ekin meýdanyna girmegi welaýatda ýaz ekişine köpçülikleýin badalga berlendiginiň buýsançly alamaty bolup dabaralandy.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň başlygy.