Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap tapgyry guramaçylykly geçdi. Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde geçen bäsleşige etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşyp, bäsleşikde yglan edilen degişli ugurlar boýunça zehin-başarnygyny görkezdiler.
Bäsleşigiň düzgünnamasy laýyklykda, türkmen milli oýunlary ugry boýunça gatnaşan çagalar «Çeke-çeke», «Bäş daş», «Agsak durna», «Aşyk oýny», «Ýüzük bukdy», «Düzzüm», «Ýaglyga towusmak» ýaly görnüşler boýunça ýaryşdylar.
Aýdym-saz we tans sungaty ugry boýunça gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygyny we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda belentden wasp etdiler, dutar, gyjak, gopuz ýaly saz gurallarynda ezberlik bilen erk etmek, bilen çagalar tanslaryny ýerine ýetirdiler.
Surat çekmek we amaly haşam sungaty ugry boýunça gatnaşan çagalar parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini, tebigatymyzyň ajaýyplygyny öz surat eserlerinde giňden beýan etdiler, şeýle-de amaly haşam eserlerini döretmekde zehinlerini açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijileri emin agzalary tarapyndan kesgitlendi. Netijede Gökdepe etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ahat Ýazmuhamedow bäsleşigiň birinji ugry, ýagny türkmen milli oýunlary boýunça ýeňiji boldy. Bäsleşigiň aýdym-saz we tans sungaty ugry boýunça etrabyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aýnur Gurbanowa tapawutlanyp, birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň surat çekmek we amaly haşam sungaty ugry boýunça etrabyň 26-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Orazmuhammet Orazlyýew ýeňiji boldular.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.