AHAL WELAÝATYNDA GALLA ORAGYNA GIRIŞILDI

Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri galla oragyna girişdiler. Şu mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň «Abadan » daýhan birleşiginiň bolan dabara hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Ol ýerde aýdym-saz, tans-halk döredijilik çykyşlaryna giň orun berildi, oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri açyp görkezýän sergiler guraldy, milli tagamlar taýýarlandy, sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Il sylagly, dili senaly ýaşulularyň ýagşy arzuw-dilegler bilen, ekin meýdanynyň bir çetinden girip, galla oragyna badalga bermegi dabaranyň iň ýatda galyjy we ýakymly pursaty boldy. Şondan soňra kuwwatly däne orujy kombaýnlar hem hatar gurap, giň gözýetime uzap gidýän bol hasylly meýdana girdiler. Bu pursat welaýatymyzyň gallaçylarynyň däne oragyna köpçülikleýin girişendiklerini alamatlandyrdy.

 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzyň gallaçylary 195 müň gektardan guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny almagy belent borç edindiler. Bu şanly gündäki dabara olary aýgytlaýjy günlerde has-da hyjuwly işläp, belent maksada ýetmäge ruhlandyrdy.

Biz — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, möwsümiň dowamynda gallaçylarymyzyň armasyny ýetirip, öňdebaryjylary höweslendirmegi maksat edinýäris.

Guwanç HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar