ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki Ahal welaýat häkimligine degişli bolan «Bagtyýar nesiller»  çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» atly sport ýaryşlary geçirildi.

Çagalaryň şadyýan dynç almagyny, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşyň netijesinde sportuň hereketli oýunlar, şaşka, küşt, kiçi futbol, woleýbol görnüşleri boýunça ýeňijiler kesgitlendi. Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 13 okalan

MEÝDAN DÜŞELGESINDÄKI DABARA

20 Oktýabr 2025 | 51 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 118 okalan

TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY