Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgärleri bolup, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde etrabymyzyň gallaçylarynyň arasynda möwsüminiň ilkinji günlerinden bäri höweslendiriş işlerini alyp barýarys. Bu gün bolsa etrabymyzyň daýhanlary gallaçylykda ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar 10 müň 100 gektar meýdandan hasylyň 21 müň tonnadan gowragyny Watanymyzyň galla harmanyna tabşyryp, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdiler.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uludan baýram ediljek ýylynda gallaçylarymyzyň gazanaN üstünligi ählimizi begendirdi. Etrabymyzyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň ak ekin ussatlary şertnamalaýyn borçnamasyny 154,5 göterim, «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň daýhanlary 144,4 göterim, «Gökdepe» daýhan birleşiginiň kärendeçileri 141 göterim ýerine ýetirip, gazanylan zähmet üstünligine mynasyp goşant goşdular. Guşgursak ak bugdaýyň 3 müň 240 tonna golaýyny taýýarlanan «Ahal» daýhan birleşiginiň, hasylyň 1 müň 700 tonna golaýyny öndüren «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň goşandy has saldamly boldy.
Baýramgeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.