ÝAŞ NESIL SAGDYN DURMUŞ BILEN

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen medeni-sport çäresi geçirildi. Oňa tomusky dynç alyş möwsümini bu merkezde geçirýän çagalar gatnaşdy.

Çagalaryň şadyýan dynç almagyny, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak, ýaş nesliň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen geçirilen medeni-sport çäresi çekeleşikli sport ýaryşlary bilen utgaşdy. Sportuň şaşka, kiçi futbol görnüşleri boýunça geçen ýaryşlar güýçlüleri ýüze çykardy. Ýaryşlaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Medeni-sport çäresine gatnaşyjylar türkmen sportuny dünýä ýaýmakda bitirýän dünýä nusgalyk işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Rejepnur ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT

23 Iýun 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR SAGDYN DURMUŞ BILEN

23 Iýun 2025 | 1 okalan

YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK