MEÝDAN DÜŞELGESINDÄKI DABARA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda pagta ýygymyna gatnaşýan zähmetkeşler üçin meýdan düşelgesinde aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.

Jogapkärli işe gatnaşýan pagtaçy kärendeçileri, kombaýnçylary we ýygymçylary zähmet üstünligine ruhlandyrmak hem-de möwsümde tapawutlanyp işleýän zähmetkeşleri höweslendirmek maksady bilen geçirilen dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Sungat çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler, beýik döwrümiz, ýurdumyzyň ajaýyp ösüşleri hem-de päk zähmet joşgunly wasp edildi.

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 11 okalan

MEÝDAN DÜŞELGESINDÄKI DABARA

20 Oktýabr 2025 | 50 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 116 okalan

TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY