Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Degişlilikde Änew şäherindäki Medeniýet öýünde we sport mekdebinde geçirilen bu bäsleşige etrap tapgyrlarynyň ýeňijiler gatnaşdy.
Bäsleşikde Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, düşünjelerini baýlaşdyrmak, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmek, zehinli nesli ýetişdirmek, olaryň eserdeňlik ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik ukyplaryny kämilleşdirmek, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriniň gerimini giňeltmek maksady bilen geçirilen bäsleşige 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalar — mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar türkmen milli oýunlary ugry, aýdym-saz we tans sungaty ugry, surat çekmek we amaly haşam sungaty ugry boýunça zehin-başarnygyny görkezdiler. Oňa türkmen milli oýunlary ugry boýunça gatnaşan çagalar «Çeke-çeke», «Bäş daş», «Agsak durna», «Aşyk oýny», «Ýüzük bukdy», «Düzzüm», «Ýaglyga towusmak» ýaly görnüşler boýunça ýaryşdylar. Aýdym-saz we tans sungaty ugry boýunça gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda belentden wasp etdiler, dutar, gyjak, gopuz ýaly saz gurallaryny ezberlik bilen erk etdiler, tanslary ýerine ýetirdiler.
Surat çekmek we amaly haşam sungaty ugry boýunça gatnaşan çagalar parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini, tebigatymyzyň ajaýyplygyny öz surat eserlerinde giňden beýan etdiler, şeýle-de amaly haşam eserlerini döretmekde zehinlerini açyp görkezdiler.
Ýakymly we täsirli pursatlara baý bolan bäsleşigiň ýeňijileri emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, türkmen milli oýunlary ugry boýunça Bäherden etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Arslanmyrat Geldiýew, aýdym-saz we tans sungaty ugry boýunça Bäherden etrabyndaky tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Umyt Rzagulyýew, surat çekmek we amaly haşam sungaty ugry boýunça Tejen etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Çarymyradowa ýeňiji boldy.
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.