“ZEHINLI ÝAŞLAR WATANYŇ DAÝANJY”

Ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, beden we ruhy taýdan sagdyn, Watanymyza, merdana halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýiti zehinli ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde, Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebinde, “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Zehinli ýaşlar Watanyň daýanjy” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň taryhy, kanunçylyk, sanly ykdysadyýet, iňlis dili, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy ugurlary boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, talyplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen okuw kitaplaryndan hem-de bäsleşigi geçirýän okuw jaýlary tarapyndan taýýarlanan test görnüşli soraglary sanly ulgam arkaly çözdüler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň taryhy ugry boýunça 1-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gurbanmämmedowa Azatgül, 2-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Esenowa Amanbike, 3-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Öwezmyradow Hajymyrat  ýeňiji boldular. Kanunçylyk ugry boýunça 1-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Omçalyýewa Dursuntagan, 2-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mämmedowa Bagtynyýaz, 3-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Meredowa Amantäç ýeňiji boldular.  

Sanly ykdysadyýet ugry boýunça 1-nji orna  Balkan lukmaçylyk orta okuw mekdebiniň talyby Baýramgulyýewa Aýgül, 2-nji orna Balkan lukmaçylyk orta okuw mekdebiniň talyby Baýramberdiýewa Selbi, 3-nji orna Söýjanowa Gülperi ýeňiji boldular. Iňlis dili ugry boýunça 1-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Garahanowa Bahar, 2-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mämmedow Resul, 3-nji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Amanowa Şekersoltan ýeňiji boldular. Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy ugry boýunça 1-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gökjäýew Aýdogdy, 2-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Gulanowa Gülüstan, 3-nji orna “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Işanberdiýewa Ajap ýeňiji boldular.

Bäsleşikde baýrakly orunlary alan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar