ÝURDUMYZ BERKARAR, ÝOLUMYZ ÝAGTY, ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ BUÝSANJY, BAGTY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkan welaýat Kitaphanasynda «Ýurdumyz Berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy, bagty» atly şygar astynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen maslahat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent we zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda döredilýän ähli şertler, olaryň sazlaşykly ösmegi, öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ýaşlaryny uly aladalar bilen gurşap alan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Baýramgül ESENOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar