Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda milli mirasymyza sarpany, zähmete söýgüni döretmek maksady bilen, Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç duşuşygy guraldy.
Duşuşykda muzeýiň işgärleri gezelenç çäresine gatnaşyjylara dana atamyz Magtymguly Pyragy barada birnäçe gyzykly gürrüňleri berip, özara sorag-jogap alyşdylar.
Gezelenç duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy giňden öwrenmäge, okamaga, zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Humaý ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












