Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilýär. Gojaman Hazary etekläp oturan Türkmenbaşy şäheriniň bagtyýar raýatlary bilen bir hatarda TMÝG-niň Balkan welaýat we etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri hem baharyň ajaýyp gününde bag ekmek işine ruhubelentlik we uly höwes bilen goşuldylar. Agaç nahallaryny oturtmak işinden başga-da, bu çäräniň barşynda ozal ekilen nahallara ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi ýaş agaç nahallarynyň oňat düýp tutmagyna we güýç toplamagyna mümkinçilik berer.
Ata Watanymyzy gülledip ösdürýän, ekologiýa syýasatyny dabaralandyryp, bag ekmek ýaly döwletli işi ählihalk ýörelgesine öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy
şäher Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.