WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň guramagynda Bereket etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler, ösüp gelýän ýaş nesillere watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, ululara hormat goýmak ýaly ahlaklylyk ýörelgeleri dogrusynda, şeýle hem ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlardygy barada belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Döwran ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 9 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI