ÝOL HEREKETINIŇ HOWUPSYZLYGY - ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap Bilim bölümi, TDP-nyň Magtymguly etrap komiteti bilen bilelikde Ýol herehetiniň howupsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk çäre boýunça etrabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketine degişli surat çekmek boýunça “Biz surat çekýäris” atly bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşik diýseň gyzykly bolup okuwçylaryň öz başarnyklaryna görä çeken suratlaryna bellenen eminler tarapyndan baha berildi. Okuwçylaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy.

Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Humaý ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 9 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 9 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI