ÇAGAJYKLAR BÄSLEŞDILER

Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşik üç ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan çagalar aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary şeýle-hem surat çekmek we amaly haşam sungaty boýunça bäsleşdiler. Ýeňiji bolan jigilerimiz Arkadag şäherinde geçiriljek bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar