EDEP WE TERBIÝE-ASYLLY ÝÖRELGE

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, şäher Polisiýa bölümi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäheriniň  12-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý edip, ýaşlaryň zyýanly endiklerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimini artdyrmak, terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler jemgyýetçilik düzgün-tertibi üpjün etmegiň, kanunçylygy pugtalandyrmagyň, ýaş nesli watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemegiň, olary ahlak taýdan arassa we lebzi halal adamlar edip ýetişdirmegiň, bidüzgünçiliklerden daşda bolmaklaryny gazanmagyň meseleleriniň üstünde giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly, ýokary hünärli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar