«PARAHATLYK WASPY ÇEPER ELLERDE» ATLY SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebinde bilim alýan okuwçy oglan-gyzlaryň arasynda  «Parahatçylygyň waspy çeper ellerde» atly şygar bilen  surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige çagalar sungat mekdebinde bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar. Bu bäsleşikde çagalaryň ünsüni parahatçylyk, asudalyk we bagtyýarlyk sözlerine çekip, olaryň bu sözler arkaly pikirlerini ak kagyza geçirmekleri has-da begendirdi. Biziň ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň Watany hasaplanmagy hem ýöne ýere däldir. Bäsleşikde ýurdumyzda çagalaryň bagtly-bagtyýar ýaşamaklary üçin yzygiderli geçirilýän çärelerdir, gyzykly duşuşyklaryň yzygider alnyp barylýandygy barada giňişleýin aýdyp geçildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Şöhrat MÄMMETHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar