KÖNESI BOLMADYGYŇ TÄZESI BOLMAZ

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Etrek etrap bölüminiň hem-de Etrek etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda ata-babalarymyzdan miras galan milli mirasymyzy, türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen, etrabymyzyň ýaşululary hem-de ýaş nesillerimiziň gatnaşmagynda «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýurdumyzda türkmen halkynyň milli mirasyna, türkmen halk döredijiligine, ene-mamalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň uludygy barada täsirli çykyşlar edildi. Soňra etrabymyzyň bagşylary tarapyndan halkymyzyň kalbynda ýaşaýan birnäçe halk aýdymlary uly owaz bilen ýerine ýetirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz-tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Türkmenistan diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 7 okalan

KÖNESI BOLMADYGYŇ TÄZESI BOLMAZ

21 Oktýabr 2025 | 8 okalan

KITAP – BILIMIŇ ÇEŞMESI

20 Oktýabr 2025 | 33 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI