SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramaklarynda 3-4-nji synp okuwçylaryň arasynda  «Parahatçylygyň waspçylary»  atly şygar bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşikde çagalaryň parahatçylyk, asudalyk we bagtyýarlyk sözlerinden ugur alyp, öz pikirlerini ak kagyza geçirmekleri örän begendirdi. Biziň ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň Watany hasaplanmagy hem ýöne ýere däldir. Bäsleşikde ýurdumyzda çagalaryň bagtly-bagtyýar ýaşamaklary üçin yzygiderli geçirilýän çärelerdir, gyzykly duşuşyklaryň yzygider alnyp barylýandygy barada giňişleýin aýdyp geçildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 44 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 27 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT