TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTY: ÝAŞLAR ÜÇIN GIŇ MÜMKINÇILIKLER

Kitaplaryň birinde: «Günler şeýle bir uzakdyr, ýyllar welin juda gysgadyr» diýip okapdym. Ýöne ýatdan çykmajak bagtly pursatlara baý günlerem ýyllar mysaly juda gysga geçýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2-nji maýda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu portuň açylyş dabarasyna bize-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda žurnalistika hünäriniň talyplary bolup gatnaşmak, taryhy pursatlara şaýat bolmak bagty miýesser etdi.

Müňlerçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, ýaşlyk hyjuwy bilen tolkunýan gadymy Hazaryň kenaryndaky günler ýyndam atyň tizliginde geçdi. Türkmenbaşy şäherine bolan saparymyzyň çäginde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna eýerilip, gazet-žurnallaryň redaktorlary, belli žurnalistler bilen teleýaýlymda, radioda Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna bagyşlanyp dürli gepleşikler, «tegelek stollar» guraldy. Bular biz — geljekki žurnalistler üçin oňat tejribelik boldy.

Senagat şäherçesi

Bu gün Hazaryň türkmen kenary hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dürli ugurlar boýunça möhüm ähmiýetli merkeze öwrüldi. Jana şypalylygy, täsin tebigat dünýäsi, binalarynyň gözelligi bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Türkmenbaşy şäheriniň içindäki senagat şäherçesini emele getiren Halkara deňiz porty hem ýurdumyz we sebit üçin söwda, ykdysady, syýahatçylyk gatnaşyklarynyň täze ugurlaryna ýol açar.

Umumy meýdany 1 358 484 inedördül metre barabar bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, ilki bilen, Gämi dolandyryş merkezine gözüň düşýär. Beýikligi 77,2 metr bolan portuň edara binasy «Balkan» haly gölündäki labyr görnüşli nagşa meňzedilip gurlupdyr. Ol nagyş arkaly biz irki döwürlerden bäri halkymyzyň deňiz ýakasynda oturan «ýaka türkmenleri» diýlip atlandyrylan ilatynyň arasynda deňizçiligiň giňden ýaýran esasy kärleriň biri bolandygyny, milli senedimize ornaşandygyny görýäris. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky: «Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar» diýen sözleri hakydaňda aýlanýar. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň bir ugry Hazaryň kenaryna gelipdir. Deňiz üsti bilen ençeme ýurtlara täjirçilik harytlary daşalypdyr. Diýmek, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda gurluşygy alnyp barlan bu Halkara deňiz porty bu gün diňe bir suw ulgamynda daşary döwletler bilen söwda, ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol Hazar deňzini parahatçylyk deňzine öwürmekde, ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetli, dostlukly diplomatiýany dowam etmekde, üstünlikli ýerine ýetirmekde ädilen ägirt uly ädimdir.

Senagat şäherçesine aýlananymyzda dürli edara binalaryny we desgalaryny, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny, şeýle-de ürgün, ýük, konteýner, polipropilen, demir ýol parom terminallaryny, olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklaryny synladyk. Soňra ýolagçy terminalyna bardyk. Terminal ýylda 300 müň ýolagça we 70 müň ulaga hyzmat etmäge niýetlenipdir. Restoran, billiard otagy, çagalaryň oýun meýdançasy, 50 orunlyk myhmanhana we beýlekiler ýolagçylaryň rahat dynç almagy hem wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin döredilipdir. Şeýle-de bu ýere geljek ýolagçy myhmanlara tiz hyzmat etmek maksady bilen 20 sany petek satylýan, pasport we gümrük resmileşdiriş nokatlary dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzüminde «Hazar» döwlet goraghanasynyň çägine girýän suw-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň dürli görnüşleriniň mekan tutmagy, ýurdumyzyň tebigatyny we ekologiýasyny gorap saklamak, syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen emeli ada döredilipdir. Umuman, hormatly Prezidentimiziň binagärlik paýhasyndan kemala gelen bu Halkara deňiz portunyň taslamasy oňyn çözgütler esasynda ýokary derejede ýerine ýetirilipdir. Ol ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň häzirki zaman kämil görnüşini emele getirmäge uly goşant goşdy.

Ýaşlar üçin täze iş orunlary

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy kuwwatlylygy ýylda 17 million tonna barabar bolup, bu ýerde 2500-den gowrak iş orunlary peýda bolar. Täze dörejek iş orunlarynyň aglaba köplügini ýaşlar emele getirer. Häzirki wagtda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Harby-deňiz institutynda, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde bu ugurdan ýörite hünärmenler taýýarlanýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulaglar fakultetinde 2015 — 2016-njy okuw ýylynda gämi gurluşygy we umman tehnikasy, şu okuw ýylynda hem portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy hünärleriniň açylmagydyr. Bu fakultetiň çäginde ençeme ýyllardan bäri gämi sürmek, gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy hünärleri hem hereket edip, ýaş hünärmenleriň ençemesini ýetişdirip gelýär.

Türkmenbaşy şäherindäki saparymyzyň dowamynda portuň açylyş dabarasyna gatnaşyjy talyp ýaşlar bilen söhbetdeş bolduk, pikir alyşdyk. Şonda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulag gurluşygy we ykdysadyýet fakultetiniň logistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Esen Hojagulyýew şeýle gürrüň berdi: «Hormatly Prezidentimiziň binagärlik başlangyjyndan ugur alnyp gurlan bu deňiz porty özüniň aýratynlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Binalardyr desgalar örän ýokary hilli materiallardan gurlupdyr. Ýolagçylar terminalyna aýlananymyzda, şol terminalyň düzüminde «Beýik Ýüpek ýoly» myhmanhanasy bar eken. Myhmanhananyň otaglarynyň aglabasynyň penjireleriniň deňze tarap açylýandygy meniň ünsümi çekdi. Bu ýerde bolan myhmanlar deňiz bilen bagly janly peýzažlaryň şaýady bolup, hemişe Hazaryň türkmen kenaryny ýatlarlar. Binagärlik keşbiniň şeýle oňyn çözülmegi Halkara deňiz portunyň üsti bilen Awazada syýahatçylygy ösdürmäge amatly şertleri döredýär».

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ilkinji gezek gämi gurluşygyna badalga berilýär. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işlemek arkaly 4-6 gämini gurmaga, şeýle-de 2 müň tonna polady işlemek arkaly 20-30 gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini amala aşyrmaga niýetlenendir. Bu zawodda jemi 1160 adam zähmet çeker. Şol iş orunlary giň düşünjeli, kärine ökde ýerli hünärmenlere garaşýar.

Talyp deň-duşlarymyzyň maksada okgunlylygy, öz hünärlerine berlenligi, saýlap alan hünärlerini oňat özleşdirişleri Halkara deňiz portunda işleriň ýokary derejede we oýlanyşykly guralmagy üçin möhümdir. Çünki bu günki talyp ýaşlar — ertirki hünärmenler. Ýöne ýere: «Nirede ylym-bilim güýçli bolsa, şol ýeriniň ýaşaýyş-durmuş derejesi ösendir» diýilmeýär. Öz kärini oňat bilýän, nazaryýetde alan bilimini amalyýetde ulanyp bilýän kämil hünärmenleriň sanynyň artmagy bilen ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha artjakdygy öz-özünden düşnüklidir.

Jemleme ýerine

Wagt geçýär. Nesiller nobatma-nobat çalşyp gidip otyr. Günler aýlara, aýlar ýyllara, ýyllar asyrlara, asyrlar müňýyllyklara aýlanýar. Şol müňýyllyklaryň taryh sapagyny çözlemek bilen biz — ýaşlar aslymyzy tanaýarys, ata-babalarymyzyň beýikligine guwanýarys. Geçmişiňi bilmek ertiriň nähili boljakdygy hakynda pikir ýöretmäge esas berýär. Sebäbi geçen ýyllaryň dowamynda pederlerimiziň gazanan durmuş hem zähmet tejribesi bu gün kämil nazaryýeti düzmäge, işiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Ençeme asyr mundan ozal «ýaka türkmenleri» adyny alan Hazaryň türkmen kenaryndaky ata-babalarymyzyň deňizçilik bilen bagly mukaddes kärini bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlarymyz geljekde hem hil taýdan ýokary derejede dowam etdirerler. Beýik Ýüpek ýolunyň Hazara gelýän gadymy ugrunda ýerleşen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly ýurdumyzdan eksport edilýän hem üstümizden geçirilýän harytlar tiz we bökdençsiz kabul ediler, ugradylar. Bu bolsa döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňemegine, syýasy, medeni gatnaşyklary ýokary derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şeýdip, ýurdumyz we sebit üçin bu port täze «deňiz derwezesi» ähmiýetine eýe bolar.

Kakajan ÇARYÝAROW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hü näriniň talyby.

“Nesil” gazeti,

05.05.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI