Ol ýyllar goşun bilen halkyň, front bilen tylyň bitewüligi, agzybirligi taryhda görlüp-eşidilmedik derejede äşgär ýüze çykdy. Front ýakasyndan alysda bolsa-da, Türkmenistan hereket edýän goşunyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin ähli güýjüni bir ýere jemledi. Kynçylykly harby döwürde fronta kömek bermek türkmen zähmetkeşleriniň durmuşynda we işlerinde ilkinji orny eýeledi. Urşuň yzynda galan, esasan, garrylardy, zenan maşgalalardy we çagalardy. Ýöne oňa garamazdan Türkmenistan Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdy. Duşmana garşy birleşige girýän döwletleriň halklarynyň we goşunlarynyň gazanan umumy ýeňşine halkymyzyň goşan goşandyna taryhda mynasyp baha berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli eziz Watany çyn ýürekden söýmek, Garaşsyz Türkmenistanyň ykbaly ugrunda perzentlik jogapkärçiligini duýmak ruhunda terbiýelemek üçin urşuň sapaklaryny göz öňünde tutmak bilen, biz ölmez-ýitmez edermenligiň mysallaryny, öz terbiýeçilik işimizde giňden peýdalanmalydyrys.
Bütin türkmen halky öz erk-islegi, ýürek emri bilen bir bitewi jebislikde Watany goradylar. Frontda hakyky agzybirlik görkezen esgerleriň özara gatnaşyklarynda agzybirlik, dostluk duýgusy, birek-birege ýoldaşlyk kömegini bermek, goldamak höküm sürdi. Urşuň halk hojalygyna salan agyr ýarasy bireýýäm bitdi. Emma ýüreklere salan ýarasy welin enteklerem ýatdan çykarly däl. Uruş pidasyz bolmaýar. Nägehan uruşda türkmen halkynyň çeken pidasy juda çökder boldy. Türkmen ýigitleri batyrlygyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Watan üçin, il-günüň ar-namysy üçin janyny gurban eden gerçekleriň sany gör, näçekä? Olar millionlarçadyr.
Olar hakdaky ýatlamalar hemişe kalbymyzda orun alar. Biz uruşda wepat bolanlaryň, yeňşi görüp bilmedikleriň, uruşdan soňky ýyllarda ýogalanlaryň öňünde baş egýäris.
Türkmen öz merdanalygy, edermenligi, watansöýüjiligi bilen özüni tanadan beýik halkdyr. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije-gündiz arman-ýadaman irginsiz çeken zähmetleriniň netijesidir. Öz ýanýoldaşlaryny, erkek doganlaryny, kakasyny urşa ugradyp, tylda galan gelin-gyzlar bolsa, Ýeňiş üçin, Watan üçin obada ekin ekdiler, uruşda mertlerçe söweşýän esgerlerimize ýüň joraplary, ellikleri, dolaklary ördüler. Özleriniň şaý-seplerini fronta ýolladylar. Uly umyt bilen söweşden ýeňiş bilen geljek ildeşlerine garaşdylar. Şol garaşylan umytlar, çekilen zähmetler öz miwesini berdi.
Bu günki gün ata-babalarymyzyň ene topraga beýik söýgüsi esasynda uly kynçylyk bilen gazanylan Ýeňiş baýramynyň ýaş nesillerimizi ar-namysly, Watana wepaly, mert we gaýduwsyz ruhda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistan parahatçylyk söýüji, asuda ýurtdur. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz uly aladalary bilen dünýä halklarynyň abadançylygyna, dost-doganlygyna ýol açýan beýik milletdir.
Batyr ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
08.05.2018ý.