Düýn türkmen topragynyň ähli künjeginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş güni giňden bellenilip geçildi. Ol dartgynly ýyllarda oba-şäherlerden kowçum-kowçum bolup giden türkmen ýigitleri batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen ýeňşiň gazanylmagyna ägirt uly goşant goşupdylar. Watany, ene-atany, eziz topragy iň ýokary mukaddeslik hasaplan edermen ýaşlar taryhyň sahypalaryna halkymyzyň şan-şöhratyny ebedilik ýazdylar. Ýürekleri ýaşlyk hyjuwyndan doly ýigitleriň müňlerçesi ýaňy durmuş süýjüliginiň gyrasyndan giren juwanlardy. Olaryň kalplarynda gör, näçe arzuwlar köräp durdy. Ýöne uruş belasy zerarly umytlar puja çykyp, isleg uçgunlary sönüpdi. Sebäbi entek müň gülünden bir güli açylmadyk ýaş ýigitleriň millionlarçasy bir gysym toprak, il-günüň azat ýaşamagy, ýurduň parahatçylygy üçin söweş meýdanlarynda pida boldular. Güneşli türkmen topragynda önüp-ösen juwanlar Watanyň bir gysym gumuny, eneleriň ýürek ýylysy siňen bir döwüm çöregi arzuwlap, baky uka gitdiler. Olaryň arasyndan az sanlysynyň ýeňiş bilen dolanyp gelmek nesibesinde bar ekeni. Şol kynçylykly ýyllaryň şarpygyny dadan uruş weteranlary Ýeňşiň 73 ýyllygy baýram edilýän şu günki günlerde hem gadymy dünýäniň özi ýaly bolup, aramyzda ýaşap ýörler. Olaryň watansöýüjilik ähmiýetli her bir gürrüňi ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdep. Her ýylyň Ýeňiş güni gelende, uruş weteranlary, urşuň yzynda galan eneler, tylda zähmet çeken gahrymanlar aýratyn bir mähir-alada bilen gurşalýar. Olara hormatly Prezidentimiziň Permany bilen pul sylaglary gowşurylýar. «Ölüsini sylan beg bolar» diýen pederlerimiz müň keren mamla. Halkymyzda öten-geçenleri ýatlamak, milli gahrymanlary hatyralamak ebedi ýörelge hasaplanýar. Uruş ýyllarynda gahrymanlarça wepat bolan ildeşlerimiziň ýatlanylmagy peder ýollarynyň dowamatydyr. Düýn Diýarymyzyň ähli ýerlerinde şeýle ajaýyp däbe eýerilýän uly çäreleriň birnäçesi bolup geçdi. Milli Liderimiziň çäksiz uly aladalary bilen Aşgabatda gurlan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy örän köp adamly boldy. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň müňlerçesi bu ýere ýygnanyp, Watan gahrymanlaryny hatyraladylar. Olaryň arasynda elleri ter gül desseli ýaşlaryň bolmagy juda guwandyryjydyr.
Watan gahrymanlary baky diridir. Olaryň hatyrasyny saklamak her birimiz üçin parzdyr.
“Nesil” gazeti,
10.05.2018ý.