Hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada etmäge borçludyr. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar» diýen parasatly pähimlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde «Temmäkä garşy göreşmegiň Bütindünýä güni» mynasybetli ýörite maslahat geçirildi hem-de maý aýynyň 1-31-i aralygynda temmäkä garşy göreşmek boýunça geçiriljek çäreleriň biraýlygyna «Aşgabat» seýilgähinde badalga berildi. Dabara saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň eýýäm temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy hereketiniň köp ugurlary boýunça öňdäki orunda çykyş edýändigini hem-de Ýer ýüzünde temmäkiden azat zolaklary giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.
Biziň ýurdumyz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. 2011-nji ýylyň martynda milli parlamentimiz tarapyndan «Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça» Çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy. Bu ulgamda ýurdumyzyň esasy gazananlarynyň hatarynda 2013-nji ýylda kabul edilen «Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak hakynda» Kanuny oňyn netijeler berýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde «Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ösüp gelýän ýaş nesiller bilen zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri hakynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmeklik bellenildi. Ýaramaz endikleriň öňüni almak häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm durmuş meseleleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekleri, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, anyklaýyş merkezleriniň gurulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesiniň binýadydyr.
Durdymyrat ATAÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
“Nesil” gazeti,
10.05.2018ý.