AK GANATLY AK ÖÝLER

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyryp, ilatyň ýaşaýyş jaý, durmuş şertlerini gowulandyrmagyň sebitleri ösdürmegiň milli maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň ajaýyp günlerinde toýlary sapaly eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýüzlerçesi ak öýlerden paýly boldular. Hepdäniň penşenbe güni Änew şäherinde gurlan 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 5-isiniň açylyş dabarasy boldy. Ýokary amatlyklary bolan bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy giň möçberli dürli özgertmelere beslenip, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky edýän aladalaryny hemişe ilkinji nobatda goýýandygynyň ýene bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarda 2, 3 we 4 otagly öýler bar. Bu ak öýlerde gurnalan gerekli hajatlar ýaşaýjylaryň köňül küýsegini kemsiz kanagatlandyrýar. Ýaşaýyş jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, daş-töwerek gül-çemenzarlyga, gülleýän mekana öwrülipdir.

Baharyň jana ýakymly hoştap howasynda mymyjak şemalyň ýaşajyk bag nahallarynyň, daş-töwerege anbar ysyny saçyp oturan gül-gunçalaryň başyny sypaýşyny synlanyňda bu ajaýyp pursatlaryň hemişe gowulyga, bagtyýarlyga sary alyp barýandygyna şübhesiz ynanýarsyň. Ak öýlerden paýly ýaşaýjylaryň her biriniň ýüzlerinde egsilmejek şatlyk, bu günki owadan durmuşymyza bolan çäksiz söýgi bar. Munuň hakykatdanam şeýledigi bagtyýar raýatlaryň ýürek buýsançlarynda-da aýdyňlygy bilen duýulýar.

Annagözel NODYÝEWA,

Änew şäherindäki 14-nji çagalar bagynyň müdiri:

— Bagtly günleriň hözirini her günde, her ädimde duýup ýaşaýarys. Ykbalymyzda şeýle bagtly günleriň, şatlykly pursatlaryň bardygyna şükürim kändir. Bu gün biziň maşgalamyz ähli amatlyklary bolan täze gurlan jaýdan üç otagly öýden paýly boldy. Ýoldaşym Annamämmet indi 43 ýyl bäri mugallym bolup, ýaşlara bilim-terbiýe berip gelýär. 3 oglum, 1 gyzym bar. Bu günki jaý toýunyň dabarasyna gatnaşýan ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary çäksizdir. Çünki ýüregi halkyna, ýurduna söýgüden doly hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir işinde beýik geljegimiziň, buýsançly şu günlerimiziň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Bu ak öýlerden paýly bolmak bagtyny bagyşlan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Il-gün hakda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Myratberdi HALMUHAMMEDOW,

Ahal welaýatynyň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň baş hasapçysy:

— Şäherimiziň owadan görküne görk goşýan täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan 4 otagly öý almak bagty biziň maşgalamyza-da miýesser etdi. Bu ýakymly pursat biziň maşgalamyz üçin şatlykly waka öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan üçin, il-gün üçin halal zähmet çekseň, zähmetiň gadyry bilinýär. Şu gün şeýle belent hakykata özüm gözli şaýat boldum. Biziň döwletli, agzybir maşgalamyz bar. 2 oglum, iki gelnim, 1 gyzym, 3 agtygym bar. Bize indi bu ak öýlerde maşgala bagtyna guwanyp ýaşamak, halal işlemek, ýurdumyzyň bedew batly ösüşine öz saldamly goşandymyzy goşaýmak galýar.

Halkyna «Mähriban halkym!» diýip ýüzlenýän, «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen watançylyk şygaryny dillerde dessan öwrüp, beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Taýýarlan Maksat BALLYKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

12.05.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY