SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikde gün-günden ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigi barada gürrüň edilip, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni ugurlarda gatnaşyklaryň berkidilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň halkara abraýyny ýokary derejelere göterýän, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Nurjemal SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN