SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär.

Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, adam saglygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň hatarynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sport, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini giň gerim bilen ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gurulýan köp sanly häzirki zaman sport desgalary, saglygy berkitmek we dikeltmek üçin bina edilýän sport we sagaldyş toplumlary hem-de türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri durmuşa geçirilýän netijeli işleriň aýdyň beýanydyr.

Sport – diňe bir saglyga oňyn täsir etmän, eýsem, halklaryň we ýurtlaryň özara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine giň ýol açýar. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garaýar.

Häzirki wagtda “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary hereket edýär. Ýurdumyzda ýüzlerçe sport mekdepleri hyzmat etmek bilen, sport bilen meşgullanmaga höwes bildirýän çagalar we ýaşlar üçin sport äleminde uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik döredýär, olara giň ýol açýar. Halkymyz üçin edilýän aladalar, durmuşa geçirilýän beýik işler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we ösüşiň mekanyna öwürmek ugrunda alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň aýdyň nyşanydyr.

Derýa BEGMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.